“Akar” haryt nyşanly joraplaryň 4 milliondan gowrak jübüdi eksport edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Akar” haryt nyşanly joraplaryň 4 milliondan gowrak jübüdi eksport edildi
Kompaniýa erkekler, zenanlar we çagalar üçin 15 görnüşli joraplary öndürýär.

“Akar tekstil” hojalyk jemgyýeti 2021-nji ýylyň dowamynda “Akar” haryt nyşanly dürli joraplaryň 5 milliondan gowrak jübüdini öndürip, onuň 4 milliondan gowragyny eksport etdi. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän bu kompaniýa arassa pagtadan we likra bilen garylan ýüplükden erkekler, zenanlar we çagalar üçin 15 görnüşli joraplary öndürýär.

Kompaniýanyň önümçilik bölüminde kuwwatlylygy aýda 500 müň jübüt jorap önümlerini öndürmäge ukyply “Mateс Silver” we “Lonati” haryt nyşanly ýokary tehnologiýaly trikotaž enjamlary ornaşdyrylan.

Kompaniýa jorap önümçiligini 2022-nji ýylda iki esse artdyrmagy, hil we görnüş taýdan döwrebap joraplary öndürmek bilen, eksporty has-da giňeltmegi maksat edinýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022