Gazagystandaky ýagdaýlar we Liwiýadaky nebit geçirijiniň abatlaýyş işleri dünýäde nebitiň bahasynyň anna güni ýokarlanmagyna itergi berdi. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.
Irdenki söwda geleşiklerinde nebitiň “Brent” görnüşiniň bir barreliniň şertnamalarynyň bahasy 57 sent ýa-da 0,7% ýokarlanyp, 82,56 ABŞ dollaryna deň boldy. Ozalky söwda geleşiklerinde onuň bahasy 1,5% galypdy. WTI nebitiniň şertnamalarynyň bahasy 67 sent ýa-da 0,84% ýokarlanyp, onuň bir barreliniň bahasy 80,13 ABŞ dollaryna barabar boldy. Ozalky söwda geleşiklerinde onuň bahasy 2,1% galypdy.
Häzirki wagtda nebitiň “Brent” we WTI görnüşleriniň bahalary noýabr aýynyň ahyryndan bäri iň ýokary derejesindedir.
Gazagystandaky durnuksyz ýagdaý global nebitiň bahasynyň ýokarlanmagynyň sebäplerinden biridir. Şol bir wagtyň özünde, Liwiýada nebit geçirijiniň abatlaýyş işleri sebäpli nebitiň çykarylyşy günde 729 müň barrele çenli azaldy. Geçen ýyl ol ýurtda nebitiň çykarylyşy günde 1,3 million barrelden hem ýokarydy.
Şol bir wagtyň özünde, OPEC ýurtlaryny we Russiýa ýaly beýleki öňdebaryjy nebit öndürijilerini öz içine alýan OPEC+ toparynyň nebit üpjünçiligini ýokarlandyrmagy artýan islegi kanagatlandyryp bilmeýär.
“Fitch Solutions” kompaniýasynyň analitiklerine görä, koronawirusyň ýokanjynyň ozalky görnüşlerine garanyňda “Omicron” görnüşiniň çalt depginde ýaýramagyna garamazdan onuň beýleki görnüşlere garanyňda agyr däldigi baradaky subutnamalaryň köpelmegi we hökümetleriň bu ýokanjyň görnüşine garşy berk çäklendirmeleri girizmeýändikleri sebäpli nebite bolan isleg boýunça töwekgelçilikler azalýar.
OPEC+ ýurtlary sişenbe güni koronawirus ýokanjynyň “omikron” görnüşiniň global energiýa islegine belli bir derejede ýeňil täsir etmegine garaşýandygy sebäpli, nebit önümçiligini artdyrmak boýunça meýilnamasyny fewral aýynda hem dowam etmegi ylalaşdylar.