Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýld sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat milli Liderimize Şa zenany Ýelizaweta ll hem-de Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonsonyň mähirli salamyny ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Lýusia Uaýld döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda birnäçe ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer we ekologik ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Ýewraziýa yklymynda täze halkara ulag ugurlaryny döretmek meselesine aýratyn üns berildi.
Ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, energetika ulgamlary, gaýtadan işleýän senagat, oba hojalygy we beýleki köp sanly ulgamlar möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Milli Liderimiz ykdysady kuwwatdan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen Türkmen-britan söwda-senagat geňeşine möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu düzümiň işiniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Diplomat öz tarapyndan britan-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, ikitaraplaýyn ykdysady hem-de işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam ediljekdigine ynandyrdy.
Mundan ozal Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisiniň wezipesini Hýu Stenli Filpott ýerine ýetirýärdi. Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.