Raşid Meredow: Türkmenistan Gazagystana tebigy gaz eksport etmäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Raşid Meredow: Türkmenistan Gazagystana tebigy gaz eksport etmäge taýýar
Adatdan daşary ýygnak Gazagystanda soňky günlerde bolup geçen wakalara bagyşlanyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň Daşary işler ministrleriniň adatdan daşary onlaýn maslahatynyň barşynda şu ýylyň mart aýyndan başlap, Türkmenistanyň Gazagystana tebigy gazy eksport edip başlamaga taýýardygyny mälim etdi.

Adatdan daşary ýygnak Gazagystanda soňky günlerde bolup geçen wakalara bagyşlanyldy.

Raşid Meredow Türkmenistanyň Guramanyň ähli döwletleri bilen ykdysady, durmuş we ynsanperwer ösüşiň kepili bolan parahatçylygyň we durnuklylygyň ýokary derejesini saklamak üçin ýakyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirjekdigini mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Soňky günlerde Gazagystanda bolup geçen wakalar barada aýdyp, R.Meredow Türkmenistanyň bu ýurtdaky ýagdaýlaryň tiz wagtda kadalaşmagyna, Gazagystanyň durnukly jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşine uly gyzyklanma bildirýändigini aýratyn nygtady.

Gazak halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw edip, Türkmenistanyň Daşary işler ministri bu maksada ýetmek üçin ýurdumyzyň gerekli tagallalary amala aşyrjakdygy barada aýtdy.

Maslahatyň dowamynda bu ugurda R.Meredow şu ýylyň mart aýyndan başlap, Türkmenistanyň Gazagystana tebigy gazy iberip başlamaga taýýardygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewa gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz soňky günlerde bolup geçen pajygaly wakalaryň köp adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi bilen baglylykda öz kärdeşi K.Tokaýewa hem-de ähli Gazagystanyň halkyna çuňňur gynanjyny bildirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022