“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýä ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýä ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar
Dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy sebäpli togtadylan halkara ýolagçy uçuşlarynyň ornuna ýörite gatnawlar amala aşyrylýar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabat-Stambul-Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar. Bu uçuş barada Türkiýäniň Stambul howa menzili maglumat berýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýörite gatnawy ýurdumyzyň raýatlaryny Türkiýeden yzyna getirmek maksady bilen gurnalýar.

Dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy sebäpli togtadylan halkara ýolagçy uçuşlarynyň ornuna ýörite gatnawlar amala aşyrylýar.

Türkmenistan” awiakompaniýasy 21-nji ýanwarda hem Türkiýä ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar. Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy hem şol gün Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

“Türkmenistan” we “Türkhowaýollary” awiakompaniýalary bilen bir hatarda Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy hem Türkmenistana ýörite gatnawlary ýerine ýetirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022