Eýran polipropilene 20% eksport paçlaryny salmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran polipropilene 20% eksport paçlaryny salmagy meýilleşdirýär
Täze giriziljek paçlar nebithimiýa önümleriniň içerki satuwyny höweslendirmek üçin diňe nebithimiýa öndürijilerine degişli bolar. (Surat: “TehranTimes”)

Eýranyň hökümeti köp sanly nebithimiýa önümlerine we şol sanda polipropilene (PP) 20% eksport paçlaryny salmagy teklip etdi. ICIS himiýa önümlerini seljerýän halkara analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Russiýanyň polimer bazaryny seljerýän “Market Report” kompaniýasy duşenbe güni habar berdi.

Täze giriziljek paçlar nebithimiýa önümleriniň içerki satuwyny höweslendirmek üçin diňe nebithimiýa öndürijilerine degişli bolar. Emma bu paçlar Eýranyň işewürlerine degişli bolmaz.

20% möçberinde eksport pajynyň salynmagy teklip edilýän beýleki nebithimiýa önümleriniň hataryna winil hlorid, polietilen tereftalatyň (PET) we etilen glikoluň käbir görnüşleri girýär.

Eger-de täze düzgünler kabul edilen ýagdaýynda, olar Nowruz baýramy ýa-da Eýranyň Täze ýyl baýramyndan soňra, ýagny şu ýylyň 22-nji martyndan güýje girer.

Ýerli nebithimiýa bazaryndaky esasy uly kompaniýalar we işewürler bu ýagdaýa dürli nukdaýnazardan garaýarlar. Olaryň bir bölegi azda-kemde käbir tapawudyň boljakdygyna we beýleki bölegi bolsa täze giriziljek eksport pajynyň Eýranyň nebithimiýa bazaryna zyýan ýetirip biljekdigine ynanýarlar.

Ýerli nebithimiýa öndürijisi bu ýagdaýyň eksportyň depginini peseltjekdigini belledi.

Polipropilen Eýranyň nebithimiýa eksportynyň esasy bölegi däldir. Ýerli bazardaky esasy uly kompaniýalar we işewürler köp mukdarda polietileni  daşary ýurt bazarlaryna eksport etýärler.

2022