“Hazar balyk” 1 million töweregi gaplanan balyklary öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Hazar balyk” 1 million töweregi gaplanan balyklary öndürdi
Häzirki wagtda kärhanada balyk gaplamalary, sowuklygyna we gyzgynlygyna tüssede kakadylan, duzlanan we hoşboý marinada ýatyrylan balyklar öndürilýär.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän “Hazar balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2021-nji ýylda 1 million töweregi gaplanan balyklaryň dürli görnüşlerini öndürdi.

Kompaniýa balygy emeli usul bilen köpeltmek, onuň işbilini almak we balygy gaýtadan işlemek boýunça önjeýli işleri alyp barýar. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Häzirki wagtda kärhanada 200-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Bu kärhanada sowuk we gyzgyn kakadylan balyk delikatesleriniň her ýylda onlarça tonnasy öndürilýär. Gaýtadan işlenilen balyklar ýörite önümler, zerur witaminler bilen bugda bişirilýär. Taýýar bolan önümler bug bilen bişirilende, onuň düzümindäki ynsan bedeni üçin peýdaly witaminlere zeper ýetmeýär. Häzirki wagtda kärhanada balyk gaplamalary, sowuklygyna we gyzgynlygyna tüssede kakadylan, duzlanan we hoşboý marinada ýatyrylan balyklar öndürilýär.

“Hazar balyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2013-nji ýylda türkmen kompaniýalary “Rowana”, “Halys”, “Guş toplumy” we “Myradym” tarapyndan esaslandyryldy. Kärhananyň önümleri daşary ýurt bazarlaryna hem eksport edilýär.

Hazar deňzinde balyklaryň jemi ýüzden gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Ylaýta­da, akbalyk, töp, kepir, çapak, silebalyk, takgaz, kefal, çüýbalyk, garabalyk, okun, zagara balyk, külke has köp duş gelýär. Bekre balygy bolsa, onuň iň gymmatly baýlygy hasaplanýar. “Gyzyl balyk” adyny alan bekräniň dünýä gorunyň 20 göterimi Hazaryň suwunda ýaşaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022