Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew duşenbe güni Daşkent şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowy kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda Mirziýoýew soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň ösüş depgininiň ýokary derejesini we strategik hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen belledi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy duşuşyk boýunça beren beýanatynda aýtdy.
“Ýokary derejeli myhman kabul edişlik üçin tüýs ýürekden öz minnetdarlygyny bildirdi we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de türkmen Lideriniň ugradan hatyny gowşurdy. Ol ähli ugurlarda ýokary depginde ösýän türkmen-özbek gatnaşyklaryna ýokary baha berdi. Türkmenistanyň Baştutany iki ýurduň halkara syýasatyna we sebit gatnaşyklaryna bolan garaýşynyň ýakynlygyny we meňzeşligini nygtady” diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ýokary derejede gazanylan şertnamalaryň ýerine ýetirilişine garadylar.
Beýanatda aýdylmagyna görä, özara söwdanyň göwrümini ýokarlandyrmak, senagat, energiýa, suw we oba hojalygynda täze bilelikdäki hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirmek we hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, iki ýurduň üstaşyr mümkinçiliginden netijeli peýdalanmak babatynda pikir alşyldy.
Mundan başga-da, sebitara gatnaşyklary hem-de medeni we ynsanperwer ugurlarda tejribe alyşmak maksatnamalaryny ösdürmegiň ähmiýeti bellendi.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 65% ýokarlanyp, takmynan 880 million ABŞ dollaryna barabar boldy.