Türkmenistan bilen Özbegistanyň Prezidentleri gatnaşyklary giňeltmäge ygrarly

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Özbegistanyň Prezidentleri gatnaşyklary giňeltmäge ygrarly
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Daşkentde geçirlen duşuşygy (Surat: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda penşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy düýpgöter giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.

Taraplar ylalaşyklaryň ýokary derejede durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde özbek-türkmen dostluk gatnaşyklaryny berkitmegiň möhüm meselelerini hem-de hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Iki ýurduň Baştutanlary özara söwdanyň ösmegine itergi beren hem-de önümçilik, energiýa, oba hojalygy, suw hojalygy we ulag ýaly pudaklarda özara gatnaşyklary giňeltmäge ýardam beren hyzmatdaşlyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişine kanagatlanma bildirdiler.

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew sebitara gün tertibi we köptaraplaýyn guramalaryň çäginde özara gatnaşyklar barada pikir alyşdylar. Şeýle hem, ýakyn wagtda geçiriljek ýygnaklaryň we çäreleriň tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky umumy söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 881 million 900 müň ABŞ dollaryna deň bolup, bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 61% ýokarydyr.

2022