Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa etjek saparyna garaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa etjek saparyna garaldy
“Hytaý – Merkezi Aziýa döwletleri” sammitini hem-de XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bilen bagly bolan meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen şenbe güni duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda taraplar iki ýurduň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Pekinde ýokary derejede geçiriljek nobatdaky çäreleri maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda, hususan-da, “Hytaý – Merkezi Aziýa döwletleri” sammitini hem-de XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bilen bagly bolan meselelere garaldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar giň gerimli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki depginini kanagatlanma bilen nygtap, şu ýyl türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynyň ýubileý tapgyryna gadam basýandygyny aýratyn belläp geçdiler.

Ýatladyp geçsek, şu ýylyň başynda Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Sýan Naýçen tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa 2022-nji ýylyň 4-20-nji fewral aralygynda Pekinde geçiriljek XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga resmi diplomatik çakylyk haty gowşurylypdy.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda resmi taýdan ýola goýuldy.

2022