Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň hem-de ýol gurluşygynyň ýagdaýynyň pesdigine nägilelik bildirdi.
Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň welaýatlaryna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasarlary, Türkmenistanyň Baş prokurory, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleri gatnaşdylar.
Häkimler şu günler welaýatlarda ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň geçirilişi we ýaz-meýdan işlerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler.
Berlen hasabatlary diňläp, Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň käbir etraplarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň pes depginde alnyp barylýandygyny aýdyp, olaryň guramaçylyk derejesine bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigine nägilelik bildirdi we suwaryş akabalaryny arassalamak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini belledi.
Mundan başga-da, Milli Liderimiz wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe ekinleri ösdürip ýetişdirmek boýunça amala aşyrylýan agrotehniki çäreleriň geçirilişiniň talabalaýyk guralmaýandygyna ünsi çekip, ondan öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegi berk talap etdi.
Şeýle-de ýurdumyzyň Baş prokurory Batyr Atdaýewiň hasabat berşi ýaly, ýol gurluşygyna degişli düzümleriň tehnikalarynyň welaýatlaryň häkimlikleriniň garamagyna geçirilmegi bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan ýol gurluşygy işleriniň derejesiniň pese gaçandygy, degişli tehnikalaryň kuwwatynyň netijeli peýdalanylmaýandygy, ätiýaçlyk şaýlaryň ýetmezçilik edýändigi ýüze çykaryldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu işleriň şeýle derejede guralmagynyň ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyny belledi we degişli ugur boýunça prokuror gözegçiligini dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlaryna guran iş saparlarynyň netijeleri barada aýdyp, sebitlerde Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň talabalaýyk guralmaýandygyny aýtdy. Hususan-da, ýol gurluşygynyň we medeni-durmuş maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän işleriň depginleriniň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigi bellenildi.
Şeýle hem, iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine hem-de milli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işlere we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy.