Aşgabat bilen Yslamabat TOPH taslamasynyň çaltlaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat bilen Yslamabat TOPH taslamasynyň çaltlaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi
Taraplar TOPH gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik we optiki-süýümli geçirijisiniň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. (Surat: "The Nation")

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli türkmen wekiliýeti bilen Pakistanyň Energetika ministri Hammad Ažaryň ýolbaşçylygyndaky pakistan wekiliýetiniň arasynda duşenbe güni Yslamabatda duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Taraplar TOPH gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik we optiki-süýümli geçirijisiniň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Pakistanyň Hökümeti metbugat beýanatynda habar berdi.

Ministr Hammad Ažar Pakistanyň TOPH taslamasyna ygrarlydygyny agzap geçdi we ol taslamany çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Türkmenistan hem bu köptaraplaýyn taslama ygrarlydygyny beýan etdi.

Mundan başga-da, Hammad Ažar Pakistanda tebigy gaz üpjünçiligiň zerurlygy sebäpli TOPH taslamasynyň möhletinden öň tamamlanmagy baradaky kararyny mälim etdi. Ol türkmen tarapyndan taslamanyň möhletinden ir tamamlanmagy üçin degişli işleri alyp barmagy teklip etdi.

Pakistan bir hepdeden TOP elektrik we optiki-süýümli geçirijisi boýunça tehniki iş toparynyň mejlisini geçirmäge öz razylygyny bildirdi. Onuň dowamynda taslamanyň ýerine ýetirilişiniň deslapky tehniki-ykdysady esaslandyrmalaryna garalar.

Şeýle hem, TOPH taslamasynyň üýtgän depginini göz öňünde tutup, onuň geljek ýol kartasyny teklip etmek üçin, taraplar sişenbe güni bu taslama boýunça tehniki iş toparynyň ýygnagyny geçirmegi ylalaşdylar.

Türkmen tarapyndan duşuşyga “TAPI Pipeline Company Ltd.” kompaniýasynyň direktory Muhammetmyrat Amanow, Energetika ministrliginiň TOP ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalarynyň müdirliginiň başlygy Myrat Artykow, Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow, “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň başlygy N.Ataýew hem-de “Çalik Enerji” kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Pakistan tarapyndan Energetika bölüminiň sekretary Saýed Asif Haýder Şah, Nebit bölüminiň sekretary Ali Raza Butta we Energetika ministrliginiň ýokary derejeli işgärleri gatnaşdylar.

Bu duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň bilelikdäki energiýa taslamalary boýunça gepleşikleri alyp barmak üçin 30-njy ýanwardan 4-nji fewral aralygynda Yslamabat şäherine amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde geçirildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022