Türkmen Lideri Mattarellany Italiýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri Mattarellany Italiýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady
Serjio Matarella 2015-nji ýylda Italiýanyň Prezidenti wezipesine ilkinji ýediýyllyk möhlet bilen bellenilipdi. (Surat: BBC)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Serjio Mattarella Italiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli gutlag hatyny ýollady.

Milli Liderimiz öz gutlag hatynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky dürli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligi, özara bähbitliligi we işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny belläp, bu gatnaşyklary täze derejelere çykarmak üçin zerur işleri bilelikde dowam etmäge taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Italiýanyň Prezidentine berk jan saglyk we Italiýanyň halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Serjio Mattarella 2015-nji ýylda Italiýanyň Prezidenti wezipesine ilkinji ýediýyllyk möhlet bilen, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda bolsa ikinji gezek saýlandy. Serjio Mattarella 1941-nji ýylyň 23-nji iýulynda Sisiliýada doguldy.

Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022