Türkmen Lideri Pekinde geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri Pekinde geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar
Milli Liderimiz metbugat serişdelerine beren beýanatynda Olimpiýa oýunlarynyň Ýer ýüzi üçin örän ähmiýetlidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Hytaýyň metbugat serişdelerine beren beýanatynda ýakyn wagtda Pekinde geçiriljek 2022-nji ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygyny tassyklady.

Milli Liderimiz metbugat serişdelerine, şol sanda CGTN halkara täzelikler telekompaniýasyna we “Sinhua” habarlar agentligine beren beýanatynda oýunlaryň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygyny tassyklap, onuň Ýer ýüzi üçin örän ähmiýetlidigini aýtdy.

“Olimpiýa oýunlary hemişe halklaryň arasynda parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyny, duşmançylygyň hem-de uruşlaryň bes edilmegini, dürli milletleriň, dürli syýasy ynama eýerýän adamlaryň jebisleşmegini, olaryň Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerine ygrarlylygyny alamatlandyrýar. Men içeri we daşary syýasatda hut şu ýörelgelere eýerýän ýurduň — Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Hytaý Halk Respublikasynyň çuňňur hormatlanylýan Başlygynyň çakylygyny minnetdarlyk bilen kabul etdim” diýip, Milli Liderimiz belledi.

Bu oýunlaryň örän ýokary guramaçylyk hem-de sport ruhy, adalatly bäsleşik, oňa gatnaşyjylaryň birek-birege hormat goýmak ruhunda, tomaşaçylaryň ägirt uly gyzyklanma ýagdaýynda geçjekdigine ynanýaryn diýip, Döwlet Baştutanymyz belledi.

“Öňde boljak Olimpiadanyň köp sanly haýran galdyryjy netijeleri berjekdigine, dünýä sportunyň taryhynda unudylmajak waka öwrüljekdigine, Ýer ýüzüniň dürli künjeklerindäki millionlarça adamlar üçin köpöwüşginli hakyky baýramçylyga öwrüljekdigine ynanýaryn” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

2022-nji ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlary 4-nji fewraldan 20-nji fewral aralygynda Pekin şäherinde geçiriler.

2022