Aşgabat bilen Pekin gaz, ulag pudaklarynda gatnaşyklary ilerletmegi ylalaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat bilen Pekin gaz, ulag pudaklarynda gatnaşyklary ilerletmegi ylalaşdylar
Taraplar Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda Owganystan meselesi barada hem pikir alyşdylar. (Surat: Xinhua)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni Pekinde Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Agzasy, Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşdy. Onuň barşynda taraplar tebigy gaz, saglygy goraýyş, ulag we medeniýet ýaly ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmegi ylalaşdylar.

Resmiler iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçiriljek duşuşyga taýýarlyk barada pikir alyşdylar. Bu barada Hytaýyň “Sinhua” agentligi habar berdi.

Wan I Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekinde geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin  Hytaýa amala aşyran ýörite saparyna hoşallyk bildirdi.

Iki Lideriň arasynda gazanylan möhüm ylalaşygy durmuşa geçirmekde, energiýa hem-de beýleki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň uzakmöhletli we durnukly ösüşini öňe sürmekde Hytaý Türkmenistan bilen degişli işleri alyp barar diýip, Wan belledi.

Meredow Türkmenistanyň Hytaýyň ygtybarly strategiki hyzmatdaşydygyny we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň soňky ýyllarda güýçli ösüşe eýe bolandygyny nygtady.

Türkmen diplomaty pandemiýa garşy göreşmekde güýçli we netijeli goldaw berenligi üçin Hytaýa minnetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň energiýa hem-de infrastruktura ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak isleýändigini aýtdy.

Şeýle hem, taraplar Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda Owganystan meselesi barada pikir alyşdylar.

Türkmenistan Hytaýa turba geçirjisiniň üsti bilen gaz ugradýan esasy döwletleriň hataryna girýär. Türkmenistan 2021-nji ýylda Hytaýa 34 milliard kubmetre golaý tebigy gaz eksport etdi.

Türkmenistan Hytaýa türkmen tebigy gazynyň iberilýän möçberlerini has-da artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýär, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan Hytaýa çenli ugur boýunça 4-nji turbageçirijini gurmagyň mümkinçiliklerini düýpli ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pekine sapar etmezinden öň Aşgabatda Hytaýyň döwlet metbugat serişdelerine beren beýanatynda mälim etdi.

 

2022