Türkmenistanyň we Hytaýyň Liderleri Pekinde duşuşyk geçirdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Hytaýyň Liderleri Pekinde duşuşyk geçirdiler
Halk Zaly, Pekin, Hytaý (Surat: RIA)

Hytaýyň prezidenti Si Szinpin şenbe güni Pekindäki Halk Zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirdi.

Türkmen Lideri Hytaýa Pekinde geçirilýän XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin geldi.

Duşuşygyň dowamynda Döwlet Baştutanymyz türkmen-hytaý gatnaşyklaryny täze sepgitlere çykarmaga, Türkmenistandan Hytaýa uzaýan 4-nji turbageçirijiniň gurluşygyny çaltlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Bu barada Hytaýyň DIM-i habar berdi.

Si Szinpin Hytaý tarapynyň türkmen tarapy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we iki ýurduň arasyndaky energiýa, şol sanda gaz hyzmatdaşlygy ugrunda işlemäge taýýardygyny belledi.

Şeýle hem, Hytaýyň Lideri Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny” dikeltmek başlangyjynyň we Hytaýyň “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň hem-de hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň wajyplygyny nygtady.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşine görä, hytaý tarapy Türkmenistanyň Baştutanyna Pekinde XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin iberilen çakylygy kabul edendigini hem-de çärä gatnaşandygy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň ýolbaşçylaryny Olimpiadanyň üstünlikli başlanmagy mynasybetli gutlap, Hytaýyň häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda hem şeýle iri sport çäresini ýokary derejede guramak babatynda öz mümkinçiliklerini we başarnyklaryny tutuş dünýä ýene-de bir gezek äşgär görkezendigini nygtady.

Hytaýa saparynyň ahyrynda Milli Liderimiziň awtoulag kerweni Pekiniň halkara howa menziline ugrady.

2022