Türkmen Lideri Pekindäki gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri Pekindäki gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň resmi nyşany “Gyş arzuwy” diýen ada eýe boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Pekiniň Milli stadionyna ugrady. Özboluşly bezeg aýratynlygy boýunça “Guş höwürtgesi” diýen at bilen meşhur bolan bu köpugurly toplum XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanyp alyndy.

Bellenilişi ýaly, XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň tumary Bin Dwen Dwen atly şadyýan we göwnaçyk panda boldy. Olimpiadanyň tumary hökmünde pandanyň saýlanyp alynmagy geň däldir, çünki bu jandar Hytaýyň milli nyşanydyr.

2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň resmi nyşany “Gyş arzuwy” diýen ada eýe boldy. Onuň esasynda Hytaýyň “gyş” diýen harpy — iýeroglif goýuldy. Nyşan Hytaýyň milli we häzirki zaman medeniýetiniň däplerini, özboluşly reňk öwüşginlerini utgaşdyrýar hem-de sportuň gyşky görnüşlerine söýgini beýan edýär.

“Umumy geljek üçin bilelikde” 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa, şeýle hem paralimpiýa oýunlarynyň resmi şygarydyr.

Olimpiadanyň açylyş senesi Aý senenamasy boýunça Hytaýyň Täze ýyly bilen gabat gelip, baharyň başlanmagyny alamatlandyrýar, bu hem baýramçylyk şüweleňinde beýanyny tapdy.

Dünýäniň dürli yklymlarynda ýerleşýän döwletleriň türgenleri sylaglaryň 109 toplumy (jemi 327 medal) ugrunda bäsleşerler. 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň 15 görnüşi boýunça ýaryşlar girizildi.

2022