Azerbaýjandaky Baku portunyň üsti bilen 2021-nji ýylda Baku-Türkmenbaşy-Baku ugry boýunça 23 müň 476 ýük awtoulagy daşaldy. Bu barada Baku halkara deňiz söwda porty geçen ýylyň netijeleri boýunça sişenbe güni beren beýanatynda mälim etdi.
Şol döwürde 2020-nji ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende Baku portunyň umumy ýük dolanyşygy 14,6%, gury ýüküň daşalmagy 66% we konteýnerleriň daşalmagy 11,6% ýokarlandy.
Baku portunyň ýük dolanyşygy 5 million 600 müň tonna barabar bolup, üstaşyr daşalan ýükleriň paýy 5 million 100 müň tonnadan gowrak ýa-da umumy ýük dolanyşygynyň 92,7%-ni düzdi.
Beýanatda bellenilmegine görä, hasabat döwründe portuň üsti bilen daşalan ýük awtoulaglary 8,8% pese düşdi. Baku portunyň üsti bilen umumy 39 müň 431 sany iri görnüşli ulaglar (TIR) daşalyp, şolardan 23 müň 476 (59,5%) sanysy Baku-Türkmenbaşy-Baku ugry boýunça daşaldy. Baku-Kuryk-Baku ugry boýunça 15 müň 955 (40,5%) ýük awtolugy daşaldy.
Şol bir wagtyň özünde, portuň parom terminalynda wagonlaryň daşalmagy 18,7% pese düşdi. Baku portunyň üsti bilen umumy 30 müň 426 wagon daşalyp, şolardan 20 müň 867 (68,6%) sanysy Baku-Türkmenbaşy-Baku ugry boýunça daşaldy. Baku-Kuryk/Aktaw-Baku ugry boýunça 9 müň 559 (31,4%) wagon daşaldy.
Portuň bellemegine görä, käbir ugurlarda belli bir derejede pes görkezijilere garamazdan ýük dolanyşygynyň umumy göwrüminde öňe gidişlik dowam edýär.
Türkmenbaşy halkara deňiz porty we Azerbaýjanyň Baku portunyň arasynda 2022-nji ýylyň başynda iki ýük gämileriniň gatnawy ýola goýuldy. Bu gämileriň yzygiderli gatnawy Hazar deňzindäki Hytaý-Ýewropa geçelgesiniň ikinji böleginde ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmak maksady ýola goýuldy.