Awtoulaglaryň global önümçiligi peselýär, bahalary galýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Awtoulaglaryň global önümçiligi peselýär, bahalary galýar
Täze awtoulaglaryň bahalarynyň ýokarlanmagyna esasan üpjünçilik zynjyryndaky bökdençlikler sebäp bolýar. (Surat: “Skynews”)

“Ford” we “Toyota” ýaly esasy awtoulag öndürijileri çip ýetmezçiligi we COVID-19 pandemiýasy hem-de üpjünçilik zynjyrynyň kesilmegi sebäpli önümçiliklerini peseltýärler. Bu ýagdaýlar diňe bir täze awtoulaglaryň bahasynyň ýokarlanmagyna däl, eýsem ulanylan awtoulaglaryň bahasynyň 40%-e çenli artmagyna sebäp bolýar.

“Toyota” we “Honda” beýleki awtoulag öndürijileri ýaly COVID-19 bilen baglanyşykly üpjünçilik zynjyryndaky bökdençlikler sebäpli ýarymgeçirijileriň ýetmezçiligi netijesinde önümçiliklerini peseldýärler. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.

Dünýäniň iň uly awtoulag öndürijisi “Toyota” 2022-nji maliýe ýylynda (2022-nji ýylyň 31-nji martynda tamamlanýar) ýyllyk önümçilik meýilnamasyny ýarym million azaldyp, 8,5 million öndürjekdigini mälim etdi.

Emma pes önümçilik pes girdejini aňlatmaýar. “Toyota Motor” we “Honda Motor” tutuş ýyl boýunça girdejiniň geljegine oňyn baha berdiler, sebäbi dünýäde çäklendirilen awtoulaglaryň üpjünçiligi Ýaponiýanyň iň uly iki awtoulag öndürijisine müşderilerinden has ýokary töleg almaga mümkinçilik berdi.

“Toyota” 2,8 trillion ýen (24,25 milliard ABŞ dollary) ýyllyk girdeji çaklamasyny peseltmedi, şol bir wagtyň özünde “Honda” ýyllyk girdejisi baradaky çaklamasyny 21% ýa-da 800 milliard ýen ýokarlandyrdy.

Sişenbe güni Ýaponiýanyň 3-nji esasy awtoulag öndürijisi “Nissan” üçünji çärýekdäki girdejisiniň iki esse artyp, 52,2 milliard ýene ýetendigini aýtdy. Kompaniýa az mukdarda awtoulag satyp, has köp girdeji gazanmagy başardy.

“Çip üpjünçiligindäki deňsizligiň çalt çözülmegine garaşmaýarys we koronawirus pandemiýasynyň ýagdaýy belli däl” diýip, “Toyota” kompaniýasynyň wekiliniň aýdanlaryna salgylanyp, “Reuters” agentligi habar berýär. Kompaniýanyň wekili bu näbelli ýagdaýyň indiki ýyla çenli dowam etmegine garaşýar.

ABŞ-nyň iň uly awtoulag öndürijilerinden biri bolan “Ford Motor” geçen hepde mikroçip üpjünçiliginiň çäklendirilmegi sebäpli ABŞ-nyň, Meksikanyň we Kanadanyň sekiz gurnama zawodynda önümçiligi togtatmagy ýa-da azaltmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Çip ýetmezçiligi sebäpli dünýäde ikinji orunda durýan awtoulag öndürijisi “Volkswagen” 2021-nji ýylda meýilleşdirilenden takmynan 1,15 million az awtoulag öndürdi.

“General Motors” kompaniýasynyň hem şuňa meňzeş kynçylyklary bar. Geçen ýylyň ahyrynda kompaniýa çipleriň ýetmezçiligi sebäpli dürli modellerde käbir aýratynlyklary hödürläp bilmeýändigini aýtdy.

Çip krizisi

“CNET Roadshow” geçen hepde çap eden makalasynda ýarymgeçirijileriň ýiti ýetmezçiliginden ýaňa kiçi we iri awtoulag öndürijileriniň ejir çekýändiklerini aýdyp, olaryň awtoulag we ýük ulaglarynyň önümçiliginde hökmany zat bolup durýandygyny belledi. Sürüjä kömek aýratynlyklaryndan başlap, maglumat beriş ulgamlaryna hem-de gyzdyrylan rullara çenli hemme zat haýsydyr bir kompýuter çipi bilen işleýär we geljekde oňa bolan isleg barha artar.

“AutoForecast Solutions”-yň  global awtoulag çaklamasynyň wise-prezidenti Sam Fioraniniň aýtmagyna görä, pandemiýanyň başynda awtoulag öndürijileri ýarymgeçirijileriň satuwynyň pese düşmegini çaklap, öz sargytlaryny azaltdylar. Çip öndürýän öndürijiler has köp girdeji getirýän, ýagny “iPhone”, “PlayStations” we beýleki zatlar üçin has köp talap edilýän çiplere paýladylar.

Awtoulag satuwy ýene-de ýokary bolansoň, çip öndürijiler awtoulag öndürijileriniň isleglerini kanagatlandyryp bilmeýärler, sebäbi olaryň kuwwaty beýleki pudaklar üçin saklanýar. Şunlukda, önümçiligi täzeden güýçlendirmek çyralary ýakmak ýaly aňsat däl diýip, Fiorani sözüniň üstüni ýetirdi.

Ulanylan awtoulaglaryň bahasynyň ýokarlanmagy

“Fox TV” täzelikler teleýaýlymynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, täze ulag serişdeleri sebäpli ABŞ-da ulanylan awtoulaglaryň bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 40% ýokarlandy.

ABŞ dünýäde iň köp ulanylan awtoulag satylýan bazarydyr. Hindistan we Awstraliýa ýaly beýleki köp ulanylan awtoulag bazarlarynda-da şuňa meňzeş ýagdaýlar emele gelýär.

“LMC Automotive” kompaniýasynyň Amerika amallary we global awtoulag çaklamasy boýunça Prezidenti Jef Şustere görä, şu ýyl çip ýetmezçiligi ýeňilleşmeli. Emma LMC awtoulag bazarynyň 2022-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2023-nji ýylyň başynda kadalaşyp biljekdigini çaklaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022