Ilçi: Türkmenistan-Eýran-Azerbaýjan gaz alyş-çalşygynyň möçberini artdyrmak teklip edildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ilçi: Türkmenistan-Eýran-Azerbaýjan gaz alyş-çalşygynyň möçberini artdyrmak teklip edildi
Üçtaraplaýyn ylalaşyk ýylda 1,5-2 milliard kubmetre çenli türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagyny göz öňünde tutýar.

Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygynyň möçberini artdyrmak teklip edildi we bu ugurda gepleşikler degişli edaralar tarapyndan yzygiderli alnyp barylýar. Bu barada Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçisi Ali Alizadeniň Eýranyň IRIB agentligine beren beýanatyna salgylanyp, “Report.az” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Ilçiniň sözlerine görä, gaz pudagynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bilen baglanyşykly täze başlangyçlar bardyr we häzirki wagtda olaryň üstünde işlenilýär.

Tebigy gaz alyş-çalşygy taslamasynyň gysga wagtyň içinde Eýran hökümeti bilen taýýarlanan we gol çekilen ilkinji uly hem-de täsirli taslamadygyny aýdyp, ilçi bu taslamanyň diňe üç tarapa peýdaly bolman, eýsem, üçtaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyga goşant goşjakdygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, Eýran, Azerbaýjan we Türkmenistan 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitiniň çäklerinde üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama gol çekipdiler.

Resminama laýyklykda, ýylda 1,5-2 milliard kubmetre çenli türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy ylalaşylypdy.

Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi.

2022