Türkmenistanda Prezident saýlawlary möwsümi başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Prezident saýlawlary möwsümi başlandy
Syýasy partiýalar hem-de jemgyýetçilik guramalary dalaşgärleri hödürläp, saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirip başlarlar.

Türkmenistanda duşenbe güni Prezident saýlawlary möwsümi başlandy. Möwsüm birnäçe tapgyrlary – dalaşgärleri hödürlemegi, olary hasaba almagy, saýlawçylar bilen duşuşyklary we beýlekileri öz içine alýar.

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar şenbe güni geçirilen ýygnagyň barşynda saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Mejlise gatnaşyjylar saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de olary geçirmek boýunça çäreleriň senenamalaýyn meýilnamasyny tassykladylar.

Habarda bellenilmegine görä, möwsümde milli synçylary däl, eýsem, halkara bilermenler hem-de synçylar syn ederler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler. Kodeksiň bu maddasy möhletinden öň saýlawlary geçirmek bilen baglanyşyklydyr.

Syýasy partiýalar hem-de jemgyýetçilik guramalary dalaşgärleri hödürläp, saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirip başlarlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň barşynda döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek kararyny mälim etdi.

Mejlisiň dowamynda, Milli Liderimiz özüniň durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini beýan etdi.

Şenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi şu ýylyň 12-nji martynda Prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky Karary tassyklady.

2022