Türkmen kompaniýasy 600 tonna golaý polipropilen ýüplügi eksport etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy 600 tonna golaý polipropilen ýüplügi eksport etdi
Kompaniýa polipropilen ýüplükleri öndürmek üçin çig maly Gyýanlydaky polimer zawodyndan alýar.

“Bagtyýar gurluşyk” hojalyk jemgyýeti gysga wagtyň içinde halkara bazara çykmagy başardy. Häzirki wagta çenli kompaniýa polipropilen ýüplükleriň 600 tonna golaýyny eksport etdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugynyň anna güni habar bermegine görä, kompaniýa Türkiýä, Russiýa hem-de Özbegistana eksportyny ýola goýdy.

Kompaniýa polipropilen ýüplükleri öndürmek üçin çig maly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Gyýanlydaky polimer zawodyndan alýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän “Bagtyýar gurluşyk” hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýylda esaslandyryldy. Kompaniýanyň hödürleýän önümleri ýokary halkara standartlaryna doly laýyk gelýär.

Polipropilen ýüplükleri haly we haly önümlerini dokamak üçin giňden ulanylýar.  Bu ýüplüklerden dokalan halylar şeklini we reňkini saklamagy bilen birlikde uzak wagtlap hyzmat etmegi, berkligi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.

2022