Serdar Berdimuhamedow Prezident wezipesine dalaşgärlige hödürlendi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow Prezident wezipesine dalaşgärlige hödürlendi
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Serdar Berdimuhamedowy ýurduň iň uly wezipesine dalaşgärlige hödürledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji martynda möhletinden öň geçiriljek saýlawlarda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlendi.

Duşenbe güni Aşgabatda geçirilen nobatdan daşary IX gurultaýyň dowamynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Serdar Berdimuhamedowy ýurduň iň uly wezipesine dalaşgärlige hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow 2001-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini inžener-tehnolog hünäri boýunça tamamlady. Halkara gatnaşyklar boýunça hem hünärmen bolmak bilen, ol zähmet ýolunda Mejlisiň komitetiniň başlygy, daşary işler ministriniň orunbasary, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary, häkimi, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary ýaly wezipeleri eýeläp, dolandyryş işlerini alyp barmakda baý tejribe toplady.

Serdar Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, eger, özüniň ýurduň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda mundan beýläk hem ähli-ukyp başarnygyny gaýgyrman, halk üçin, milli Liderimiziň taryhy başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, tutanýerli we döredijilikli tutumlar bilen beýik maksatlara ýetmek ugrunda zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

Meniň ähli aladam, baş maksadym mydama halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döwletimizi täze döwürde ösüşlere beslenen ýurda öwürmek ugrundaky tagallalar bolar diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Ýakyn wagtda ýokary döwlet wezipesine beýleki dalaşgärleriň atlary hem belli bolar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň barşynda döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek kararyny mälim etdi.

Mejlisiň dowamynda, Milli Liderimiz özüniň durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini beýan etdi.

2022