Gazagystan Türkmenistanyň Prezident saýlawlaryny geçirmek kararyny goldaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan Türkmenistanyň Prezident saýlawlaryny geçirmek kararyny goldaýar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen 24-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen duşuşygy (Surat: Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda duşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda Gazagystanyň Prezidenti Türkmen Liderine tüýs ýürekden hormat goýýandygyny we onuň möhletinden öň Prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky kararyny goldaýandygyny aýtdy.

Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, iki ýurduň Baştutanlary özara söwdanyň ösüşini, energiýa, ulag, senagat we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy beýan edildi.

Milli Liderimiz häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň ulag ulgamynda, hususan-da, iki ýurduň yklymlaryň çatrygynda amatly ýerleşýändigini nazara almak arkaly halkara ýük daşamalaryň ugurlaryny giňeltmek üçin ýeterlik kuwwata eýediklerini belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki dostlukly goňşy döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady, ruhy-medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny beýan etdiler.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

2022