“Ak çeşme” haryt nysanly mesge ýagynyň täze görnüşi ondurilip baslandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Ak çeşme” haryt nysanly mesge ýagynyň täze görnüşi ondurilip baslandy
Kärhanada gaýmak, gatyk, dorag, süzme, aýran, ýogurt, peýnir ýaly önümleriň 40-dan gowrak görnüşi öndürilýär.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda telekeçi Berdimuhammet Çaryýewe degişli süýt önümlerini öndürýän hususy kärhanada “Ak çeşme” haryt nyşanly mesge ýagynyň täze görnüşi öndürilip başlandy. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Kärhanada gaýmak, gatyk, dorag, süzme, aýran, ýogurt, peýnir ýaly önümleriň 40-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Olaryň berhizlik, dürli goşundylar – gök otlardyr gök önümler, miweler, gury iýmişler bilen baýlaşdyrylan görnüşlerine-de aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda kärhanada 30-a golaý hünärmen zähmet çekýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde öndürilýän mesge ýaglary ýokary hilli, sygyr süýdüniň pasterizirlenen gaýmagyndan hiç hili goşundysyz taýýarlanýandygy bilen tapawutlanýar.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsleşip bilýän bu süýt önümlerine ilatyň islegi barha artýar. “Ak çeşme” haryt nyşanly önümler ýurdumyzda geçirilýän azyk önümleriniň sergilerinde hem mynasyp orun alýar.

Kärhana öndürilýän süýt önümlerini gyzgynlygy bilen bazarlardyr söwda nokatlaryna iberýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022