Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Prezident wezipesine dalaşgärlige hödürlendi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Prezident wezipesine dalaşgärlige hödürlendi
Agajan Bekmyradow bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow şu ýylyň 12-nji martynda möhletinden öň geçiriljek saýlawlarda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlendi.

Sişenbe güni Aşgabatda, Oba hojalyk toplumynyň binasynda geçirilen Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary IV gurultaýynyň dowamynda ýurduň Agrar partiýasy Agajan Bekmyradowy iň uly döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Agajan Bekmyradow 1995-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlap, inžener-gurluşykçy hünärini ele aldy. Ol dürli ýyllarda Mary welaýatynyň etraplarynyň häkimliklerinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Wekilbazar etrap mejlisinde, bu etrabyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmesinde işledi. 2017-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Agajan Bekmyradow Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işleýär.

Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, gurultaýa gatnaşyjylar ony ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky çözgüdi kabul etdiler.

Çykyşlar we ses bermek tamamlanandan soňra, degişli karar biragyzdan kabul edildi.

Agajan Bekmyradow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, üstüne ýüklenilen uly jogapkärçilige düşünýändigini hem-de bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Türkmenistanda Prezident saýlawlary möwsümi duşenbe güni başlandy.

2022