Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary Russiýada duşuşyk geçirerler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary Russiýada duşuşyk geçirerler
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow (Surat: Russiýanyň DIM-i)

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow 22-nji fewralda Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirmek üçin Russiýa sapar eder. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa çarşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda beýan etdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, taraplar rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini, şeýle hem iki ýurduň köptaraplaýyn formatda (GDA, BMG, ÝHHG, Hazar bäşligi) gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.

“Ýakynda boljak sapary 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda baglaşylan strategiki hyzmatdaşlyk baradaky iki ýurduň arasyndaky şertnamanyň çäginde durmuşa geçirilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin çäreler toplumynyň möhüm bölegi hasaplaýarys” diýip, Mariýa Zaharowa metbugat ýygnagynyň dowamynda belledi.

Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary geçen ýylyň aprel aýynda Moskwada gepleşikleri geçirdiler. Onuň dowamynda taraplar howpsuzlyk bilen bir hatarda ekologiýa howpsuzlygynyň meselelerini, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şeýle-de halkara guramalar derejesindäki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň aprel aýynda ýola goýuldy.

2022