Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary Altynjy Hazar sammitine taýýarlyga garadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary Altynjy Hazar sammitine taýýarlyga garadylar
Altynjy Hazar sammiti şu ýyl Türkmenistanda geçiriler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň penşenbe güni Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Onuň barşynda ministrler Altynjy Hazar sammitiniň taýýarlygy bilen bagly meselelere seredip geçdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Altynjy Hazar sammiti şu ýyl Türkmenistanda geçiriler.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa çarşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň Russiýada geçiriljek duşuşygy barada habar berdi. 22-nji fewralda geçiriljek duşuşygyň dowamynda taraplar rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini, şeýle hem iki ýurduň köptaraplaýyn formatda (GDA, BMG, ÝHHG, Hazar bäşligi) gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.

2022