“Shell”: dünýäde suwuklandyrylan tebigy gazyň söwdasy 6% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Shell”: dünýäde suwuklandyrylan tebigy gazyň söwdasy 6% artdy
Suwuklandyrylan tebigy gazyň dünýä bahalary 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda rekord ýokary derejä ýetdi.

Ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň COVID-19 pandemiýasyndan soňky dikeldişi netijesinde suwuklandyrylan tebigy gazyň dünýädäki söwdasy 2021-nji ýylda 6% artyp, 380 million tonna deň boldy. Ol 2020-nji ýylda 360 million tonna barabardy. Bu barada “Shell” nebit-gaz kompaniýasy duşenbe güni habar berdi.

“Shell” çap eden ýyllyk suwuklandyrylan tebigy gaz boýunça hasabatynda bu ýangyja bolan islegiň ýokarlanmagy, üpjünçilik çäklendirmeleri bilen bilelikde tebigy gazyň we suwuklandyrylan tebigy gazyň bahalarynyň ýylyň dowamynda üýtgäp durmagyna sebäp bolandygyny aýtdy. Suwuklandyrylan tebigy gazyň dünýä bahalary 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda rekord ýokary derejä ýetdi.

“Shell” kompaniýasynyň ýokary wezipeli resmisi Wael Sawan hasabatda geçen ýyl tebigy gazyň we suwuklandyrylan tebigy gazyň energiýa üpjünçilikde wajyplygyny görkezdi diýdi.

Habarda bellenilmegine görä, suwuklandyrylan tebigy gaza bolan islegiň 2021-nji ýylda ýokarlanmagyna esasan Hytaýda we Günorta Koreýada bu ýangyjyň importynyň artmagy sebäp boldy. Hytaýyň suwuklandyrylan tebigy gaz importy 12 million tonna ýokarlanyp, 79 million tonna barabar boldy. Şeýlelikde, Hytaý geçen ýyl Ýaponiýadan geçip, suwuklandyrylan tebigy gazyň iň iri import edijisi boldy.

Suwuklandyrylan tebigy gaza bolan isleg 2040-njy ýyla çenli takmynan iki esse artyp, 700 million tonna çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022