Prezident wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow Daşoguzda saýlawçylar bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Daşoguz welaýatynda saýlawçylar bilen duşuşyk geçirdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen duşuşygyň barşynda dalaşgäriň ynanylan wekili, welaýatyň 65-nji orta mekdebiň mugallymy Serdar Berdimuhamedowyň terjimehaly we onuň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlenendigi üçin saýlawçylara hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanynyň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini belledi.

“Munuň özi diňe bir meniň üçin däl-de, Garaşsyzlyk ýyllary içinde kemala gelen ýaş nesliň ählisi üçin hem uly jogapkärçilikdir” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň esasy ugurlaryny beýan edip, Türkmenistanyň dünýä derejesinde abraýyny has-da belende götermek meseleleriniň ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylan ýagdaýynda, dalaşgär ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen bir hatarda, Daşoguz welaýatyna hem uly üns bermegi maksat edinýändigini aýtdy.

Serdar Berdimuhamedow öňde durýan möhüm wezipeleri beýan edip, olaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň gerimini giňeltmek, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, sebitde milli we halkara syýahatçylygy ösdürmek, obalarda we şäherlerde täze, döwrebap umumybilim berýän mekdepleri hem-de mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurmak meselelerini aýratyn nygtady.

Dalaşgäriň maksatnamasynda telekeçiligi goldamak, döwlet tarapyndan dürli ýeňillikli şertleriň döredilmeginiň hasabyna obasenagat toplumyny özgertmek işlerine hususyýetçileri çekmek wezipeleri kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, bu çäreler dürli oba hojalyk önümlerini, şol sanda künjini, bugdaýy, pagtany gaýtadan işlemek boýunça senagatyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün eder. Şunuň bilen birlikde, saýlawçylaryň sargytlaryny nazara almak bilen, hususy önüm öndürijileri höweslendirmek işleri dowam etdiriler diýip, dalaşgär nygtady.

Soňra saýlawçylar bilen ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek meseleleri baradaky söhbetdeşligiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow ýygnananlaryň köp sanly sowallaryna jogap berip, özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň käbir meselelerini anyklaşdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär bu duşuşygyň guralandygy, öz çykyşynyň üns berlip diňlenilendigi üçin ýygnananlara hoşallyk bildirip, ähli gujur-gaýratyny we bilimini, dürli wezipelerde işlän döwründe toplan tejribesini ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirjekdigine saýlawçylary ýene bir gezek ynandyrdy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy geçen duşenbe güni Aşgabatda geçirilen nobatdan daşary IX gurultaýynyň dowamynda Serdar Berdimuhamedowy ýurduň iň uly wezipesine dalaşgärlige hödürledi.

Türkmenistanda möhletinden öň Prezident saýlawlary şu ýylyň 12-nji martynda geçiriler.

2022