Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar sişenbe güni şu ýylyň 12-nji martynda möhletinden öň geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärleri bellige almak çäresiniň tamamlanandygyny mälim etdi.
Şol gün Merkezi saýlaw topary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Hydyr Nunnaýewi we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige aldy.
Şeýlelikde, Türkmenistanda Prezident saýlawlary möwsümi başlany bäri iň ýokary döwlet wezipesine 9 sany dalaşgär bellige alyndy.
Prezident wezipesine dalaşgär hökmünde hasaba alynanlar:
- Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow,
- Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow,
- “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany Berdimämmet Gurbanow,
- Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjow,
- Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýew,
- Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýew,
- “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredow,
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Hydyr Nunnaýew,
- Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşow.
Iň ýokary döwlet wezipesine hödürlenen dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklary dowam edýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň barşynda döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek kararyny mälim etdi.
Mejlisiň dowamynda, Milli Liderimiz özüniň durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini beýan etdi.