Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda 26 million 300 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň duşenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.
Şu ýylyň ýanwar aýynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 19 million ABŞ dollaryna deň boldy. Şol bir wagtyň özünde ýurduň Türkmenistana eksporty 7 million 400 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
Özbegistanyň ýanwar aýynda daşary söwda dolanyşygy 3 milliard 500 million ABŞ dollaryna golaýlap, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1 milliard 160 million ABŞ dollary ýa-da 49,9% ýokarlandy.
Şu ýylyň birinji aýynda Özbegistanyň iň köp söwda eden ýurdy Hytaý boldy. Iki ýurduň arasyndaky döwda dolanyşygy 621 million ABŞ dollaryna deň boldy. Özbegistanyň eksporty 157 million 100 müň ABŞ dollaryna, importy bolsa 463 million 800 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.
Hasabat döwründe Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Russiýa ($573,3 million), Gazagystan ($266,8 million), Türkiýe ($266,1 million), Günorta Koreýa ($213,4 million), Gyrgyzystan ($60,3 million), Ukraina ($48,9 million), Germaniýa ($45,3 million), Hindistan ($44,5 million) we Täjigistan ($43,1 million) girdi.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 881 million 900 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 60%-e golaý artdy.