Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini bermäge çagyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini bermäge çagyrýar
Duşuşyga gatnaşanlar Owganystandaky ynsanperwer ýagdaý barada alada edýändiklerini bellediler. (Surat: Teri Hakalanyň “Twitter” hasaby)

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde çarşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystandaky ýörite wekilleriniň hem-de ilçileriniň duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ýazguly Mämmedow döwletleri owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermäge çagyrdy. Bu barada Özbegistanyň “Nuz.uz” täzelikler saýty habar berdi.

ÝB-niň Owganystan boýunça ýörite ilçisi Tomas Niklasson we ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala ÝB tarapyna wekilçilik etdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystandaky parahatçylyk ugrundaky halkara we sebitleýin tagallalar, Owganystanyň sebitleýin taslamalara işjeň gatnaşmagy, ýurduň ykdysady taýdan täzeden gurulmagy we onuň çäginde dürli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar.

Özbegistanyň Prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Ismatulla Irgaşew Özbegistanyň Owganystan ugrunda alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny belledi we ýurduň täze häkimiýetleri bilen konstruktiw gepleşikleri alyp barmagyň zerurlygyny aýtdy.

Türkmen ilçisi Mämmedow Owganystany ykdysady we maliýe gatnaşyklary ulgamyna çekmegiň we bu ýurduň halkara ykdysady giňişligine işjeň goşulmagy üçin amatly şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belledi.

Halkara guramalaryň we maliýe edaralarynyň Owganystandan üstaşyr geçýän energiýa, ulag we senagat geçelgeleriniň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy üçin olar bilen bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň maksadalaýykdygyna ynanýarys diýip, Mämmedow aýtdy.

Soňra türkmen ilçisi ýurtlary we halkara guramalary owgan halkyna yzygiderli we hemmetaraplaýyn ynsanperwer kömegini bermäge çagyrdy.

Duşuşyga gatnaşan beýleki taraplar hem Owganystandaky ynsanperwer ýagdaý barada alada edýändiklerini belläp, beýleki döwletleri owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermäge çagyrdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022