Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurt bolar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurt bolar
Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany amala aşyrmak boýunça Pudagara utgaşdyryjy topar döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklady.

Täze maksatnama temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge, bu babatda syýasatyň alnyp barlyşyna we kanunlaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek bilen temmäkä garşy göreşmek ulgamyny berkitmäge, ilatyň arasynda temmäki önümlerine bolan islegi azaltmaga hem-de temmäkini ulanmagyň ýaramaz täsirleri barada ilatyň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Şeýle hem, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany amala aşyrmak boýunça Pudagara utgaşdyryjy topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Resminama laýyklykda, ýurduň ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Milli maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesini dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, ýurduň ylym, bilim, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýewe türkmen jemgyýetinde saglyk üçin zyýanly endikleri aradan aýyrmak we sporty ösdürmek boýunça maksadalaýyk işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň iýul aýynda Türkmenistanda temmäki önümleriniň söwdasynyň täze Kadalary kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022