Halkara synçylar Prezident saýlawlaryna gözegçilik etmek üçin Aşgabada geldiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Halkara synçylar Prezident saýlawlaryna gözegçilik etmek üçin Aşgabada geldiler
Merkezi Saýlaw topary Prezident saýlawlary möwsümi başlany bäri iň ýokary döwlet wezipesine 9 sany dalaşgäri bellige aldy.

Şu ýylyň 12-nji martynda möhletinden öň geçiriljek Prezident saýlawlaryna gözegçilik etmek üçin anna güni Moskwadan halkara synçylar topary Türkmenistana geldi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat beýanatynda habar berildi.

Ilçihananyň beýanatynda bellenilmegine görä, halkara synçylar topary ýakynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gözegçilik etmek üçin 25-nji fewralda “S7” awiakompaniýasy tarapyndan gurnalan Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky gatnaw bilen Türkmenistana geldi we şol bir wagta bu gatnaw bilen 170 sany ýolagçy Russiýa uçdy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar Prezident saýlawlary möwsümi başlany bäri iň ýokary döwlet wezipesine 9 sany dalaşgäri bellige aldy. Ýurduň ähli welaýatlarynda Prezident wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň barşynda döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek kararyny mälim etdi.

Mejlisiň dowamynda, Milli Liderimiz özüniň durmuş hem-de syýasy tejribesini mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini beýan etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022