Hytaýda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň duşuşygy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaýda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň duşuşygy geçiriler
Pekin, Hytaý

Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi öz çykyşynda Hytaýyň mart aýynda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň maslahatyny geçirjekdigini aýtdy. Bu barada Owganystanyň “Khaama Press” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Owganystanyň bäş goňşy döwletleriniň – Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Hytaýyň we Pakistanyň duşuşygy Owganystanyň ykdysady we ynsanperwerlik meselelerine gönükdiriler.

Duşuşyga owgan wekiliýetiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Maslahatyň çäginde Owganystanyň, Hytaýyň we Pakistanyň wekilleriniň arasynda üçtaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär. Duşuşykda Owganystanyň sebit taslamalaryna gatnaşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Geçen ýylyň awgust aýynda bolup geçen syýasy üýtgeşmelerden soň Hytaýda geçiriljek bu maslahat Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň üçünji duşuşygy bolar. Yslamabat şunuň ýaly ilkinji duşuşygy geçen ýylyň sentýabr aýynda öz başlangyjy bilen geçirdi. Geçen ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda bolsa, Tähranda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň ikinji daşary işler ministrleriniň ýygnagy geçirildi.

2022