Azerbaýjan elektrik awtoulaglaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjan elektrik awtoulaglaryň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär
Mikail Jabbarow Azerbaýjanyň Hytaý bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini nygtady. (Surat: Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrligi)

Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow we Hytaýyň BYD kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Isbrand Ho geçen sişenbe güni Azerbaýjanda elektrik awtobuslaryny, gibrid we doly elektrik awtoulaglary ýygnamak üçin zawodyň gurulmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada “Azernews” agentligi habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda ministr Azerbaýjanyň Hytaý bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek isleýändigini nygtady.

Jabbarow Azerbaýjanyň ileri tutýan ykdysady ugurlary, ýaşyl tehnologiýalary ulanmak, ekologiýa taýdan arassa ulaglar babatynda görülýän çäreler we bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi barada maglumat berdi. Şeýle hem, ministr hytaý kompaniýalaryny Azerbaýjanda döredilen amatly iş gurşawyna gatnaşmaga çagyrdy.

Öz gezeginde Hytaýyň BYD kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory kompaniýanyň alyp barýan iş ugurlary we hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Azerbaýjan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 1 milliard 700 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu bolsa Hytaýyň Azerbaýjanyň iri 4-nji söwda hyzmatdaşy bolmagyna itergi berdi. Mundan başga-da, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda 147 million 600 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Mundan başga-da, Azerbaýjan Hytaýyň “Bir guşak – bir ýol” başlangyjyny goldan ilkinji ýurtlaryň biridir.

2022