Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynda şenbe güni “Handmade Exports 2021” (el işleri önümleriniň eksporty 2021) atly sergi geçiriler.
Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň senetçileriniň we suratkeşleriniň elde ýasan önümleri görkeziler hem-de uly we kiçi ýaşly çagalar üçin sergini gurnaýjylar tarapyndan ýörite master-klaslar geçiriler.
Bu sergi ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) we “Orlan” hususy kärhanasy tarapyndan gurnalýar.
Mälim bolşy ýaly, USAID Merkezi Aziýada söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen täze bäş ýyllyk taslamasyna şu ýylyň fewral aýynda badalga berdi.
Taslama Merkezi Aziýanyň bäş döwletine – Türkmenistana, Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana we Özbegistana gönükdirilip, onuň býujeti 19 million ABŞ dollaryna barabardyr.