Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna milli synçylaryň jemi 2 müň 726 sanysyny bellige aldy.
Synçylaryň 544-si Türkmenistanyň demokratik partiýasy, 355-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 390-sy Türkmenistanyň Agrar partiýasy, 520-si Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygy, 290-sy Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, 525-si Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, 84-si raýatlar toparlary we 18-si dalaşgärler tarapyndan bellenildi. Bu barada Merkezi Saýlaw toparynyň metbugat gullugy penşenbe güni mälim etdi.
Bellenilişi ýaly, milli synçylaryň 47,76%-i zenanlardyr.
Öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde milli synçylar saýlaw möwsüminiň kanunalaýyklykda geçirilişine syn edýärler.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary hem saýlaw kampaniýasyna gözegçilik edýär.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar Prezident saýlawlary möwsümi başlany bäri iň ýokary döwlet wezipesine 9 sany dalaşgäri bellige aldy. Ýurduň ähli welaýatlarynda Prezident wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.