Mart I hepde: eksport geleşikleri $34 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mart I hepde: eksport geleşikleri $34 milliondan geçdi
Daşary ýurtly telekeçiler nah ýüplük satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 34 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň we Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we ýangyç mazudyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýanyň, Serbiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, reňklenen tüýjümek önümler we buýan köki ýerlenildi.

BAE-niň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 30 million 145 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi we el halylaryny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 2 million manatlyga golaý bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022