FAO: dünýäde azyk önümleriniň bahalary 20,7% ýokarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: dünýäde azyk önümleriniň bahalary 20,7% ýokarlandy
Fewral aýynda etiň bahasy 1,1% artdy.

Azyk önümleriniň dünýä bahalary fewral aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,7% ýokarlandy. Olaryň galmagyna esasan ösümlik ýaglarynyň we süýt önümleriniň indeksleriniň artmagy sebäp boldy. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) anna güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi geçen fewral aýynda 140,7 bala ýetdi. Indeks ýanwar aýy bilen deňeşdirilende 3,9% ýokarlandy.

FAO-nyň ykdysatçysy Upali Galketi Aratçigaleniň belleýşi ýaly, ekinleriň ýagdaýy we önümleriň eksportynyň çäkliligi bilen baglanyşykly meseleler häzirki wagtda dünýäde azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagynyň sebäplerinden diňe bir bölegidir.

Azyk önümleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy esasan önümçilik bilen bagly bolmadyk faktorlar, ýagny energiýa pudagy, dökün we haýwançylyk pudagynda iýmit meseler bilen baglanyşyklydyr. Bu faktorlaryň hemmesi azyk öndürijileriniň girdejileriniň azalmagyna, netijede maýa goýumlardan we önümçiligi giňeltmekden ýüz öwürmäge mejbur edýär” diýip, Upali Galketi Aratçigale aýtdy.

Esasan hem, palma, soýa we günebakar ýaglarynyň kotirowkalarynyň ýokarlanmagy sebäpli ösümlik ýagynyň indeksi ep-esli galdy. Geçen aý bilen deňeşdirilende 8,5% artdy we täze rekord derejä ýetdi.

Däne bahalarynyň indeksi geçen aýyň görkezijisi bilen deňeşdirilende 3% ýokarlandy. Esasan, Gara deňiz portlaryndaky halkara üpjünçiligiň näbelliligi sebäpli, mekgejöweniň indeksi 5,1% we bugdaýyňky 2,1% ýokarlandy.

FAO-nyň süýt önümleri boýunça indeksi global üpjünçiligiň ýetmezçiligi sebäpli, fewral aýynda ýanwar aýyna garanyňda ortaça 6,4% ýokary boldy. Fewral aýynda etiň bahasy 1,1% artdy.

Şekeriň indeksi Hindistan we Taýland ýaly esasy eksport edýän ýurtlarda bol hasylyň bolmagy esasynda 1,9% pese gaçdy.

FAO däne önümçiliginiň 2022-nji ýyldaky deslapky çaklamasyny üpjün edýän Däne üpjünçiligi we isleg atly nobatdaky neşirini çap etdi. Şoňa laýyklykda, dünýädäki bugdaýyň önümçiligi 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende (775,4 million tonna) 790 million tonna çenli ýokarlanyp biler. Demirgazyk Amerikada we Aziýada ekilen ýerleriň hasylly bolmagyna we giňelmegine garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022