Türkmenistana COVID-19 profilaktikasy üçin enjamlar gowşuryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistana COVID-19 profilaktikasy üçin enjamlar gowşuryldy
BMGÖM 15 sany göwrümi 75 litr we 6 sany göwrümi 175 litr awtoklawlary hem-de COVID-19 anyklamak üçin PCR testleri gowşurdy. (Surat: BMGÖM)

Bütindünýä Banky tarapyndan maliýeleşdirilýän Türkmenistanda COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine 3-4-nji mart aralygynda laboratoriýa enjamlary gowşuryldy.

Lukmançylyk enjamlary taslamany durmuşa geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy (BMGÖM) tarapyndan gowşuryldy. Bu barada BMGÖM-iň Türkmenistandaky wekilhanasy özüniň sosial mediýasynda duşenbe güni mälim etdi.

BMGÖM 15 sany göwrümi 75 litr we 6 sany göwrümi 175 litr awtoklawlary hem-de COVID-19 anyklamak üçin PCR testleri gowşurdy.

Umumy bahasy 20 million ABŞ dollaryna barabar bolan Türkmenistanda COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek taslamasy COVID-19 pandemiýasyna garşy ýurduň milli anyklaýyş we bejeriş mümkinçiliklerini güýçlendirmek, lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, reagentleri we lukmançylyk enjamlaryny satyn almak we sosial töwekgelçilikleri çözmek ýaly maksatlary öz içine alýar. Taslama ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin sanly çözgütleriň girizilmegini hem goldaýar.

2022