Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar geňeşiniň başlygy Türkmenistana sapar etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar geňeşiniň başlygy Türkmenistana sapar etdi
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlarynyň Türkmenistana hem-de türkmen halkyna abadançylyk getirmegini arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň salamyny ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Milli Liderimiz özüniň türk kärdeşine iň gowy arzuwlaryny aýdyp, türki döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň hem-de pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orny eýeleýändigini belledi. Şu babatda abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň, şol sanda geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň synçy hökmünde giren Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkiýede Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän giň gerimli özgertmelerine ýokary baha berýärler we goldaýarlar, şol özgertmeler türkmenistanlylaryň durmuşyny düýpli özgertdi hem-de türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, onuň halkara derejedäki abraýynyň artmagyna kuwwatly itergi berdi diýip, myhman aýtdy. Şeýle hem myhman 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlarynyň Türkmenistana hem-de türkmen halkyna abadançylyk getirmegini arzuw etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, penşenbe güni öz saparynyň çäklerinde Türki Döwletleriň Aksakallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň hem-de onuň geçirilmeginiň çäklerinde Türki Döwletleriň Guramasynyň synçylarynyň topary bilen özara hereket etmegiň meselelerine aýratyn üns berdiler.

Şeýle hem, R.Meredow we B.Ýyldyrym Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakallar geňeşiniň işiniň umumy medeni gymmatlyklaryň goralyp saklanylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, ýaşlarda umumy taryha bolan hormatyň terbiýelenmegine gönükdirilendigini beýan etdiler. Bu ugurda, türkmen tarapynyň Aksakallar geňeşiniň işine işjeň gatnaşmaga taýýarlyk bildirýändigi hem beýan edildi. 

2022