Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylar toparlarynyň ýolbaşçylarynyň ýekşenbe güni geçiren brifinglerinde Türkmenistanda Prezident saýlawlarynyň guramaçylykly, üstünlikli, giň bäsdeşlik esasynda, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçendigini kanagatlanma bilen bellediler.
Çärelere ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Bellenilişi ýaly, halkara wekilleriň beren bahalary oňyn häsiýete eýe bolup, saýlawlara taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň hakyky ýagdaýyna gabat gelýär. Çykyş edenleriň pikiriçe, synçylaryň netijeleri milli saýlaw kanunçylygynyň seljerilmegine, gözegçiliklere hem-de wekillikleriň agzalarynyň ýurdumyzda bolan wagtynda toplanan maglumatlara esaslanýar.
Şeýle-de Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň, ähli derejelerdäki saýlaw toparlarynyň alyp baran işleri, saýlawlaryň hukuk we maglumat taýdan utgaşykly geçirilendigi bellenildi. Mälim edilişi ýaly, Prezident saýlawlary Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň, Saýlaw kodeksiniň düzgünlerine hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyk gelýär.
Şu ýylyň 12-nji martynda möhletinden öň Prezident saýlawlary geçirildi. 19-njy martda “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäre geçiriler.