Russiýanyň Baştutany Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýanyň Baştutany Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady
Prezident Wladimir Putin Türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady. (Surat: RIA)

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda sişenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Prezident Wladimir Putin milli Liderimizi Türkmenistanyň häzirki zaman taryhynyň möhüm tapgyry bolan Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.

Söhbetdeşler iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ikitaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýän özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz mundan beýläk özüniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini dowam etjekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Wladimir Putin netijeli döwletara gatnaşyklaryň ählumumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we birek-birege, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Soňra milli Liderimiz telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.

Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti öz tarapyndan gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin Russiýanyň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam etmäge taýýardygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda taryhy taýdan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň oňyn däbiniň kemala gelendigi bellenildi. Bu bolsa uzakmöhletleýin, ikitaraplaýyn bähbitlere, döwletara gatnaşyklaryň degişli strategiýasyna doly gabat gelýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçen şenbe güni geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow saýlawçylaryň sesleriniň 72,97% alyp, Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022