Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda sişenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, Merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilen, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň täze Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi.
Şunda milli Liderimiz işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işjeň dowam etmegi göz öňünde tutýandygyny belledi.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, öz nobatynda, milli Liderimizi giň bäsleşik esasynda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw edip, telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentine geçirdi.
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlaglary we iň gowy arzuwlary üçin Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlan ýoluny dowam etdirjekdigini, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli çäreleri görjekdigini hem-de ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary goldajakdygyny aýtdy.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türk Liderine berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, doganlyk döwletiň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçen şenbe güni geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow saýlawçylaryň sesleriniň 72,97% alyp, Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy.