BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine 413 müň ABŞ dollarlyk deksametazon derman serişdelerini gowşurdy. Bu derman serişdeleri ýurduň dürli künjekerlinde ýerleşýän saglygy goraýyş edaralarynyň arasynda ýaýradylmaga degişli diýip, ÝUNISEF-iň sişenbe güni ýaýradan beýanatynda habar berilýär.
Bu tapgyr deksametazon serişdeleriniň 4,4 tonna däne we ampula görnüşli derman serişdelerinden ybarat bolup, ol ÝUNISEF tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Bellenilişi ýaly, derman serişdeleriniň getirilmegi Ýiti ýokanç kesellere garşy göreşmäge hem-de jogap bermäge taýynlyk boýunça Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berer.
Soňky onýyllyklaryň dowamynda ÝUNISEF möhüm derman serişdelerini we sanjymlary, sanjymlar bilen bagly enjamlary we arassaçylyk serişdelerini satyn almak we getirmek hyzmatlaryny ýerine ýetirip, Türkmenistanyň Hökümetine işjeň goldaw berýär.
Deksametazon serişdeleri kiçi we uly ýaşlarda keselleri bejermekde goldaw serişdesi hökmünde giňden ulanylýar.