Si Szinpin Türkmenistanyň saýlanan Prezidentini gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Si Szinpin Türkmenistanyň saýlanan Prezidentini gutlady
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda çarşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji martda ýurdumyzda geçirilen döwlet Baştutanynyň saýlawlarynyň netijeleri barada habar berip, mundan beýläk işini Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etjekdigini belledi.

Soňra milli Liderimiz telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Türkmenistanyň saýlanan Baştutanyny Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin HHR-iň Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan daşary syýasat ugruny dowam etdirmäge, Hytaý bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, şeýle hem türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmek we giňeltmek boýunça teklipleri hem-de başlangyçlary hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçen şenbe güni geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow saýlawçylaryň sesleriniň 72,97% alyp, Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy.

2022