Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde kasam kabul etdi.
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy Aşgabat şäheriniň “Ruhyýet” köşgünde geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde işlän Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň barşynda döwlet dolandyryşynda ýaş ýolbaşçylara ýol bermek kararyny mälim etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow mundan beýläk işini Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam eder.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary şu ýylyň 12-nji martynda geçirildi. Serdar Berdimuhamedow saýlawçylaryň sesleriniň 72,97% alyp, Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy.
Türkmenistanyň Prezidenti ýedi ýyl möhlet bilen saýlanýar we kasam kabul eden pursatyndan wezipesine girişýär.