Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew sişenbe güni Yslamabad şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministrligi Raşid Meredow bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirip, Gyrgyz-Türkmen ösüş gaznasynyň açylmagyny maslahatlaşdylar.
Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, duşuşyk Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 48-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilgi.
Ministr R.Kazakbaýew Türkmenistanda Prezident saýlawlaryniň üstünlikli geçirilmegi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 19-njy martda wezipä girişmegi bilen türkmen tarapyny gutlap, türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösmegini arzuw etdi. Ministr R.Meredow öz gezeginde gyrgyz tarapyna gutlaglary hem-de saýlawlara Gyrgyzystanyň halkara synçylaryny iberendigi üçin minnetdarlygyny bildirdi.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki wagtdaky derejesine oňyn baha berip, söwda-ykdysady we maýa goýum, energetika üpjünçiligi, oba hojalyk, ýeňil senagat, syýahatçylyk we ulag-üstaşyr ulgamlary ugrunda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdylar. Şeýle hem, geçirilmegi meýilleşdirilýän syýasy çäreleriň we dürli derejede ikitaraplaýyn saparlaryň guramaçylyk meselelerine seredildi.
Gyrgyz tarapy söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk ösdürilmegi üçin oňyn şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtap, Gyrgyz-Türkmen ösüş gaznasynyň açylmagyna hem-de oňa şu ýylyň dowamynda badalga bermek bilen bagly meseleleri tizleşdirmegi teklip etdi.
Mundan başga-da, ministrler ýakynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwlet baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygy babatda, şeýle-de halkara we sebitleýin howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Gyrgyz-Türkmen ösüş gaznasyny döretmek boýunça ylalaşyga geçen ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň öňki Prezindeti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Aşgabat şäherinde geçirilen duşuşygynyň dowamynda gelindi.